RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Maý

Türkmenistanyň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny görkezyän Halkara resminamalaryň sanly kitaphanasy işe girizildi.

Sanly kitaphanada Türkmenistanyň Bitaraplygy, Hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatlary, Parahatçylyk we howpsuzlyk, Türkmenistan -Durnukly Osüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek ýolunda, Parlament diplomatiýasy, Ekologiýa diplomatiýasy, Energetika diplomatiýasy, Ulag diplomatiýasy, Medeniýet diplomatiýasy, Sport diplomatiyasy ýaly ugurlar boyunça maglumatlar ýerleşdirildi. Agzalan kitaphananyň elektron salgysy: docslibrary.gov.tm

DOWAMY
pic
6 Maý

Görnükli halypa diplomatyň hormatyna dabaraly çäre

2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara he...

DOWAMY
pic
3 Maý

Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda Geňeşiň mejlisi öz işini iki sessiýanyň çäklerinde dowam etdi. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2030-njy ýyllar üçin çarçuwaly Maksatnamasyny» (UNDAF) taýýarlamak boýunça öňde goýulan wezipeler bilen baglanyşykly meselel...

DOWAMY
pic
3 Maý

Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçisi A.Goçmyradowyň we Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň häkimi Dawlatali Said bilen duşuşygy.

2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Ilçi A.Goçmyradowyň Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň häkimliginde bu welaýatyň häkimi Dawlatali Said bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde, taraplar Türkmenistan bilen Hatlon welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary we geljegi barada özara pikir alyşdylar, şeýle-de Hatlon welaýaty bilen Mary welaýatynyň arasynda bar bolan ylalaşygyň çäginde göz öňünde tutulan dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iş ýüzünde amal edilmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtap geç...

DOWAMY
pic
30 Apr

Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-njy mejlisine gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilýän BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Agzalan mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen geçirildi. Geçirilen çäre bilen bir hatarda, BMG-niň Baş Assamble...

DOWAMY
pic
29 Apr

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň duşuşygy

2024-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz Rais Rustam Minnihanowy g...

DOWAMY
pic
29 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 28-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi....

DOWAMY