SOŇKY HABARLAR
Durnukly energetika ösüşiniň meseleleri – Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň üns merkezinde
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...
Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi açyldy
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...
Aşgabatda geçirilen işewürler maslahatynda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Aşgabatda işewürler maslahaty geçirildi we onuň dowamynda döwlet guramalarynyň, sebit ýurtlarynyň işewürler düzümleriniň, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri duşuşdylar. Forum Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde taga...
Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty öz işine başlady
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda paýtagtda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlik Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahaty (RECCA VII) öz işine başlady. Maslahatyň ilkinji iş gününde umumy mejlis we işçi toparlarynyň üç sany mejlisi geçirildi. Forumyň birinji iş gününe RECCA VII-ä agza ýurtlaryň wekilleri we bilermenler, birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdyl...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Duşenbäniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzode we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Duşenbäniň Halkara howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar döwründe berilen rezidensiýa ugrady. Soňra Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne geldi. Ol ýerde Prezident...
Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhim...